ABŞ-nyň Ogaýo uniwersitetiniň alymlary häzire çenli ylym dünýäsine mälim bolmadyk ýüzlerçe süýdemdirijiniň bardygyny aýdýarlar. Zoologlaryň pikirine görä, jandarlaryň onlarçasy mundan ozal şol bir görnüşi degişli diýlip hasaba alnypdyr. Emma olaryň arasynda başga görnüşlere degişli bolanlary hem bar. Olary anyklamak üçin DNK-sy gaýtadan öwrenilmeli.
Soňky ýyllarda täze tapylýan jandarlaryň sany barha artýar. Afrika pilleri, lemurlar we Ekwadorda gabat gelnen iki sany içi görünýän gurbaga täze tapylan jandarlaryň käbiri. Alymlaryň pikirine görä, käbir jandar adamlara meňzeş ýaly bolup görünýän hem bolsa, aslynda olar başga toparlara ýa-da uruglara degişli. Bu açyşlar planetamyzdaky biodürlüligiň pikir edilişinden has baýdygyny aňladýar.
Ösümlikleriň we jandarlaryň görnüşlerini has takyk anyklamak maksady bilen DNK-nyň esas alynmalydygyny ilkinji gezek şwesiýaly botanik Karl Linnaeus işläp taýýarlady. Adaty usullar bilen bilelikde ulanylýan bu täze usul arkaly Ýer ýüzündäki jandarlar barada has jikme-jik maglumat almaga mümkinçilik berilýär.
Alymlar millionlarça süýdemdirijiniň ýaşaýan gurşawyny we şolar baradaky beýleki maglumatlary seljerip, ýüzlerçe ýarganatyň, gemrijileriň, syçanlaryň we alakalaryň täze görnüşiniň tapylmagyna garaşýarlar. Alymlar entek mör-möjekleriň bolsa köpsüniň atlandyrylmandygyny belleýärler.
Yhlasberdi Berdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby