Hindistanyň eksportunyň mukdary şu maliýe ýylynda (31-nji marta çenli) ilkinji gezek 400 milliard dollara ýetdi. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi mälim etdi.
– Hindistan 400 milliard dollarlyk haryt eksportyny göz öňünde tutup, ilkinji gezek bu maksada ýetdi. Bu üstünlik bilen ýurdumyzyň zähmetkeşlerini, kiçi we orta kärhanalary, öndürijileri we eksportçylary gutlaýaryn. Bu ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm tapgyrdyr – diýip, ol belledi.
Ondan öň Hindistanyň söwda we senagat ministri Piýuş Goýal şu maliýe ýylynyň ahyryna çenli Hindistanyň eksportynyň 400 milliard dollardan geçjekdigini habar beripdi. 2020-2021-nji maliýe ýylynda Hindistanyň eksporty 292 milliard dollara deň bolupdy.