29-njy martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.
Onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti uludyr. Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
“Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi” mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär.
Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişdeler binýadynyň bardygy bellenildi. Dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalar bilen baglylykda, giň gerimde özleşdirilýär. Golaýyndaky “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde “Galkynyş” käniniň gorlary 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen hem-de özüne Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry bilen geçýän üç ugurdaş şahany (A,B we С) birleşdirýän Türkmenistan — Hytaý esasy gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysy bolup durýar.
Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar.
Plenar mejlisiň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly “СNPC” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “PetroChina” kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler.
Soňra forumyň işi “EKSPO — 2020” bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen “Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlis guraldy.
Serginiň bir böleginde dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ösüşi görkezilýär. Bu ýerde hödürlenilýän serişdelerde milli ykdysadyýetiň bu strategik ulgamynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Ylmy işläp taýýarlamalar, energetika ulgamynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda amala aşyrylýan we durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar serginiň mowzuklaýyn esasyny düzdi. Gün we ýel energiýasyny, bioýangyjy iş ýüzünde ulanmak boýunça tejribe-synag işläp taýýarlamalary bu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär.
Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň “Dragon Oil”, “Fluхys», «Gaffney Сline” kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler.
“Ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi we ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy forumda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, pudaga innowasiýalaryň we bu ugurdaky soňky işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň bu möhüm meseläni çözmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Çykyşlaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biridir. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu waka mynasybetli dabara taslama gatnaşyjy dört ýurduň döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Galkynyş” gaz käninden öz gözbaşyny alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitdäki möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli taslama Aziýa ösüş bankynyň hem gatnaşýandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum şu gün tamamlanar. Oňa gatnaşyjylar “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary bellenildi.
Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.