Şu ýylyň ahyrynda Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogynyň futbol topunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. “Adidas” tarapyndan öndürilen bu topuň ady “Al Rihla” diýlip atlandyrylýar. Ol arap dilinden terjime edilen syýahat, gezelenç diýen manyny aňladýar. Topuň daşky keşbine Kataryň medeniýeti, arhitekturasy hem-de baýdagynyň reňkleri ýerleşdirilendir. Açyk reňkler bolsa çempionatyň tizligini alamatlandyrýar.
Futbol boýunça 22-nji Dünýä Kubogy şu ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabryna çenli aralykda Katarda geçiriler.