“Motorola” kompaniýasynyň aşa ýokary durulykda surata alyp bilýän smartfon öndürjekdigi habar berildi. Smartfonyň 200 megapiksel durulygynda surata düşürip biljekdigi bellenilýär. Geçen ýyl Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy “ISOCELL HP1” atly kamera linzasyny tanyşdyrypdy. “Motorola”-nyň telefonynda şol linzanyň ulanyljakdygy aýdylypdy. Bu telefonda esasy kamera bilen bir hatarda ýene-de iki kamera bolar. Bu linzalar 50 megapiksel we 12 megapiksel durulygynda surata almaga ukyply bolar. Mobil enjamyň öňünde kamera arkaly 60 megapiksel durulygynda surata düşürip bolar.

Häzirki wagtda beýleki kompaniýalar hem ýokary durulykda surata düşürip bilýän telefonlary işläp taýýarlaýarlar. “Samsung” kompaniýasynyň geljek ýyl tanyşdyrylmagyna garaşylýan “Galaxy S23” seriýasyna degişli “Ultra” nusgasynyň kamerasynyň hem 200 megapiksel durulygynda surata düşürip biljekdigi bellenilýär. Şeýle hem Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň şu ýylyň ikinji ýarymynda çykarjak telefony 200 megapiksel durulygynda surata düşürer.

Hydyr Orazgulyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy