KONKAKAF (Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibler) zolagyndan Dünýä Kubogyna gatnaşjak 2 ýygyndy hem belli bolup, Kanadadan soň Meksikadyr ABŞ-nyň ýygyndylary Katar 2022-de çykyş ederler. Ýeri gelende aýtsak, Kanada, Meksika we ABŞ 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň geçiriljek ýurtlarydyr.

Meksikanyň ýygyndysy toparçadaky soňky duşuşygynda Salwadory Antuna (17) hem-de Himenesiň (43 p) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.Bu ýeňişden soň Meksikanyň ýygyndysy utugyny 28-e çykardy. 3-nji ýer ugrunda ABŞ bilen Kosta Rikanyň arasynda ýiti göreş bolup, amerikanlar myhmançylykda Kosta Rikadan 2-0 utuldy. Ýöne bu ýeňiş Kosta Rikanyň 3-nji orna çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Utuklary deň bolan 2 ýygyndynyň arasyndaky gol aratapawudy boýunça ABŞ 3-nji ýeri eýelemegi başardy.

Kosta Rikanyň ýygyndysynyň paýyna bolsa, pleý-off duşuşygyny geçirmek düşdi. Kosta Rikanyň ýygyndysy tomusda Okeaniýanyň ýeňijisi Täze Zelandiýa bilen Katarda pleý-off duşuşygyny geçirer.