Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan amerikan astronawty Mark Wande Haý hem-de rus kosmonawtlary Anton Şkaplerow bilen Pýotr Dubrow Ýere gaýdyp geldiler. Olar “Soýuz MS-19” gämisi bilen Gazagystandaky “Baýkonur” kosmodromynyň golaýyna gondular.

Mark Wande Haý geçen ýylyň 9-njy aprelinde kosmosa çykypdy. Sentýabr aýynda onuň kosmosda bolmaly wagty yza süýşürilipdi. Şol sebäpli ol 30-njy martda Ýere dolandy.  Bu bolsa onuň kosmosda iň köp üznüksiz wagt geçiren amerikan astronawty bolmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde Haýyň kosmosda geçiren wagty 355 güne ýetdi. NASA-nyň mundan ozaky rekordy 2016-njy ýylyň 1-nji martyna çenli 340 günläp Halkara kosmos bekedinde bolan Skott Kellä degişli.

Rus kosmonawt Şkaplerow kosmos bekedinde 176 gün boldy. Dubrow bolsa, Wande Haý bilen bir wagtda kosmosa gidip geldi.