28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.
Paýtagtymyzyň häkimi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, şunuň bilen baglylykda, jemagat hojalygynyň gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem şäherde ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işleriň geçirilişi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýazky bag ekmek möwsüminiň talabalaýyk geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Welaýatlaryň häkimleri gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ekişde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berdiler.
Şeýle hem häkimler bugdaý meýdanlarynda ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygy barada aýtdylar.
Hasabatlaryň çäklerinde ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilişi, beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.
Welaýatlarda ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişi barada hem hasabat berildi.
Şeýle hem häkimler pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada aýtdylar.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalygyndaky möhüm gowaça ekişi möwsümini ählitaraplaýyn guramaçylykly we maksadalaýyk geçirmegiň örän wajypdygyna ünsi çekip, geljekki bereketli hasyly almakda bu işleriň uly täsir edýändigini belledi. Şoňa görä-de, gowaça ekişiniň bellenen möhletinde we bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmegini gazanmak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek işlerinde hem degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy türkmen topragynda öndürilen azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini gazanmak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny ekmek boýunça badalga berlen möwsümiň bu ugurda öňde goýlan belent maksatlary ýerine ýetirmekde örän ähmiýetlidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkimlere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma pudagy üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatlaryň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi barada hasabat berildi.
Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berlip, bu ugurda häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma we 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Häzir ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýazky möwsümde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu ýyl Diýarymyzda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin tehnikalary hem-de gurallary bökdençsiz işletmek boýunça mundan beýläk-de hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini hem-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde badalga berlen ýazky bag ekmek möwsüminiň örän möhümdigine ünsi çekip, ekilýän bag nahallarynyň we olara ideg edilmeginiň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi.