Niderlandlaryň çempionatynda 2-nji ýerde barýan Eýndhowen şäheriniň PSW topary möwsümiň ahyrynda tälimçisini çalşar. Topara täze möwsümden başlap, klubuň ozalky oýunçylaryndan meşhur hüjümçi Ruud wan Nistelrooý tälim berer. Eýndhowenliler 45 ýaşyndaky hünärmen bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdylar. Häzirki wagtda PSW-niň ýaşlar toparyna tälim berýän Nistelrooý özüniň futbolçylyk ýyllarynda «Den Boş», «Heerenween», PSW, «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid», «Hamburg», «Malaga» klublarynyň köýnekçesini geýdi. Nistelrooý Niderlandlaryň ýygyndysynda 2 döwür kömekçi tälimçi bolup işledi. Şeýle-de, PSW-niň U-19 toparyna-da 3 ýyl tälim berdi.

Çempionatda lider «Aýaksdan» 2 utuk yzda 2-nji ýerde barýan PSW toparyna häzirki wagtda Roger Şmidt tälim berýär.