Sport gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň, bag­ty­ýar ýa­şaý­şyň, ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, bag­ty­ýar nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de döw­let de­re­je­sin­de uly iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Spor­tuň ila­ty­my­zyň gün­de­lik dur­mu­şy­na or­naş­ma­gy üçin bi­möç­ber ala­da­lar edi­lip, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýa­nyn­da, or­ta mek­dep­ler­de we ça­ga­lar bag­la­ryn­da ýö­ri­te sport meý­dan­ça­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Çün­ki yn­san sag­ly­gy ha­kyn­da­ky ala­da­ny il­kin­ji no­bat­da goý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üns­den dü­şür­me­ýär.
Hal­kyň sag­ly­gy ýur­duň baý­ly­gy bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da luk­man­çy­lyk­da sag­ly­gy go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, esa­san hem, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­jaý et­mek mö­hüm me­se­le­le­riň biridir.

Biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we netijeli bejergileri geçirmek üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatda netijeli işler yzygiderli ýola goýulýar.

Adam sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin be­den­ter­bi­ýe we sport ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.
Sag­ly­gy­ňy gö­züň gö­re­ji de­ýin go­ra­mak, onuň ga­dy­ry­ny bil­mek bi­ziň her bi­ri­mi­ziň özü­mi­ze bag­ly­dyr. Bu ba­ra­da aý­dy­lan gym­mat­ly pi­kir­ler il ara­syn­da dil­den-di­le ge­çip, bi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. «Sag­lyk – baý­lyk», «Sag­ly­gyň ga­dy­ryn bil­gil, has­sa bol­maz­dan bu­run», «Sag­lyk ba­şyň tä­ji­dir, em­ma ony di­ňe has­sa­lar gö­rüp bil­ýär» di­ýen ýa­ly söz­ler, ha­ky­kat­da­nam, bar za­dyň sa­ka­sy­nyň sag­lyk­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek äş­gär ed­ýär. Mu­ny hä­zir­ki wagt­da dün­ýä halk­la­ry­na howp sal­ýan ýi­ti ýo­kan­jyň my­sa­lyn­da hem gör­mek bol­ýar. Sag­lyk – sa­tyn alyp bol­ma­ýan baý­lyk, em­ma ony go­ra­mak we­lin, bi­ziň gö­nü­den-gö­ni özü­mi­ze bag­ly bo­lup dur­ýar.
Bu ba­bat­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­ler, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe gü­wä­na­ma­la­ry­na my­na­syp bol­ma­gy mu­ny aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. Ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň iri dü­züm­le­ri bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge we ber­kit­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär we ne­ti­je­li mak­sat­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar.
Her bir adam be­de­ni­ni ber­kit­mek üçin er­tir­ki maşk­lar, sport, be­den­ter­bi­ýe, ge­ze­lenç, yl­gaw ýa­ly çä­re­ler bi­len meş­gul­lan­ma­gy özü­ne en­dik edin­me­li. Ha­ýal dep­gin­de uzak wagt­lap yl­ga­mak ada­myň sag­ly­gy­na ýa­kyn­dan ýar­dam be­rip, onuň ru­hu­nyň be­lent, dur­nuk­ly bol­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Sag­lyk yl­ga­wy­na baş­la­maz­dan öň, hök­man öz maş­ga­la luk­ma­ny­ňyz bi­len mas­la­hat­laş­ma­ly. Yl­ga­mak üçin aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­dan uzak­da­ky to­kaý­lyk, kö­le­ge­li, bag-bak­ja­ly ýer­le­ri, se­ýil­gäh­le­ri, sta­di­on­la­ry saý­la­ma­ly. Sä­he­riň hoş­tap ho­wa­sy göw­nü­ňi aç­ýar, dem al­şy­ňy hem ýü­re­giň ur­şu­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Aras­sa ho­wa­da yl­ga­ma­gyň dem alyş ýol­la­ry­nyň aras­sa­lan­ma­gy­na, dem al­şyň ka­da­laş­ma­gy­na hem-de hor­lan­ma­ga is­leg bil­dir­ýän ada­ma tä­si­ri ulu­dyr.
Sag­lyk – yn­san öm­rü­niň be­ze­gi, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly baý­lyk­dyr. Adam öz sag­ly­gy­ny sak­la­jak we ony go­ra­jak bol­sa, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly gat­na­şyk­da bol­ma­ly, di­ňe ýag­şy iş­le­re baş go­şup ýa­şa­ma­ly, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­ly. «Sag ba­şym – sol­tan ba­şym», «Sag­ly­gym – beg­li­gim», «Sag­lyk – baý­lyk» ýa­ly na­kyl­lar­da hem adam üçin sag­lyk­dan uly baý­ly­gyň ýok­du­gy nyg­tal­ýar. Maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy, jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy, döw­le­tiň kuw­wat­lan­ma­gy, gül­läp ös­me­gi, hal­kyň, aý­ra­tyn hem, ýaş nes­liň sag­ly­gy­na bag­ly­dyr.
Ga­raş­syz­ly­gymyzyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da hem hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Olar­da ila­ta ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­gä­niň bu ul­gam­da-da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Be­hişt OJA­RO­WA,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň fa­kul­tet te­ra­pi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň as­sis­ten­ti.