Futbol oýnunyň iň uly guramaçylygy bolan FIFA Dünýä Kubogy Katar 2022-niň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda 32 ýygyndy (häzirlikçe 29, 3-si tomusda belli bolýar) 8 toparça paýlandy.

Çekilen bijä seredenimizde “ölüm toparçasy” diýilýän güýçli ýygyndylary özünde jemleýän toparça ýok. Ýöne muňa garamazdan, janköýerlere toparçalarda biri-birinden gyzykly duşuşyklaryň garaşýandygyny aýdyp bileris.

Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy “A” toparçada Ekwadoryň, Senegalyň hem-de Niderlandlaryň ýygyndysy bilen duşuşar. “B” toparçadaky duşuşyklar diňe bir futbol çäklenmän biler. 24 ýyldan soň ABŞ bilen Eýranyň ýygyndysy bir toparça düşdi. Şeýle-de, bu toparçada Angliýanyň ýygyndysy hem bolup, 4-nji topar hem Britan adasynyň wekili bolup biler. Super ýyldyz Lionel Messiniň ýygyndysy Argentina “C” toparçada özüne garanyňda, ýeňilräk toparlar bilen bije çekişdi. Saud Arabystany, Meksika hem-de Polşa tangoçylaryň garşydaşy boldy. Soňky çempion Fransiýa üçinem toparçada alada galar ýaly o diýen güýçli garşydaş bolman, Daniýa olaryň iň esasy bäsdeşi bolar.

“E” toparçada köpler eýýämden Ispaniýa bilen Germaniýanyň arasyndaky duşuşyga garaşýarlar. Bu iki güýçli ýygyndyna kynçylyk berip biljek ýygyndy Ýaponiýa bolar. Toparçanyň 4-nji ýygyndysy-da Kosta Rika ýa-da Täze Zelandiýa bolar.

Güýçli futbolçylary özünde jemleýän Belgiýanyň ýygyndysyna “F” toparçadan Kanadanyň, Marokkonyň hem-de Horwatiýanyň ýygyndylarynyň arasyndan çykmak kyn düşmese gerek.

Çempionlygyň iň güýçli dalaşgärlerinden Braziliýanyň ýygyndysy “G” toparçada Serbiýadyr Şweýsariýanyň hem-de Kamerunyň ýygyndylary bilen bije çekişdi.

Pleý-off tapgyryndan soň Dünýä Kubogynyň petegini alan Portugaliýanyň ýygyndysy-da beýlekilere garanyňda azda-kände güýçliräk hasaplap boljak toparça düşdi. Kristiano Ronaldonyň garşydaşlary Gananyň, Urugwaýyň hem-de Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary boldy.

Çempionat 21-nji noýabrda Katar-Ekwador duşuşygy bilen başlanar. 18-nji dekabrda-da final duşuşygyndan soň tamamlanar. Toparçadaky duşuşyklar 21-nji noýabr – 2-nji dekabr aralygynda geçiriler.

 

“A”: Katar, Ekwador, Senegal, Niderlandlar

“B”: Angliýa, Eýran, ABŞ, Uels/Şotlandiýa-Ukraina

“C”: Argentina, Saud Arabystany, Meksika, Polşa

“D”: Fransiýa, Peru/Awstraliýa-BAE, Daniýa, Tunis

“E”: Ispaniýa, Kosta Rika/Täze Zelandiýa, Germaniýa, Ýaponiýa

“F”: Belgiýa, Kanada, Marokko, Horwatiýa

“G”: Braziliýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Kamerun

“H”: Portugaliýa, Gana, Urugwaý, Koreýa Respublikasy