Awtoulag söýüjileriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Toyota Corolla GR” ulagynyň 2023-nji ýyla degişli nusgasy tanyşdyryldy. Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýasy bolan “Toyota”-nyň täze ulagy tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. “Yaris GR” ulagyna meňzeş bolan bu model kompaniýanyň işläp taýýarlan “GA-C” atly platformasynyň bazasynda döredilipdir. Kompaniýanyň “Yaris GR” modelindäki hereketlendirijiniň göwrümi 1,6 litre barabar bolup, kuwwaty 261 at güýjüne ýetýän bolsa, “Corolla GR” modeliniň kuwwaty bolsa, 300 at güýjüne ýetýär. Ulagyň boş agramy 1 müň 473 kilograma barabar. Bu görkeziji “Yaris GR”-den 200 kilogram köpdür. Şeýle hem täze tanyşdyrylan ulagyň tizlik geçirijisi mehaniki bolmagy bilen tapawutlanýar. Daşky şekili sport ulagyna meňzeş bolan “Corolla GR”-iň az sanly öndüriljek “Circuit Edition” atly nusgasy tanyşdyryldy. Köpçülige niýetlenen dizaýnynyň birneme tapawutly bolmagyna garaşylýar.
Aýnur Amanmyradowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.