Oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “Massey Ferguson” kompaniýasynyň “MF 5S” seriýasyna degişli traktorlary dünýä belli “Red Dot” atly haryt dizaýn baýragyna mynasyp boldy. Dünýäniň dürli ýerlerinde gatnaşýan hünärmenlerden düzülen emin agzalary bu traktory dizaýnynyň hili we täzeçillige berlen orny sebäpli baýraga mynasyp hasaplady. Bu baýragyň geçen ýylkysyna “MF 8S” seriýasy mynasyp bolupdy. Kompaniýanyň Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan jogapkär wekili Týerri Lotte “MF 5S” köp maksatly ulanmaga niýetlenen bu traktorynyň maldarçylyk bilen meşgullanýanlar üçin amatlydygyny belledi. Şeýle hem Lotte bu traktor bilen dürli işleri aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bilmek üçin dizaýn edilendigini aýtdy. Kapotynyň öň tarapynyň süýri bolmagy 4 metrlik ýerden aýlanyp bilmegi we beýleki tehniki aýratynlyklary dürli ýer şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär.
“MF 5S” serýasyna degişli jemi bäş model bolup olaryň kuwwaty 105 at güýjenden 145 at güýjüne çenli aralykda üýtgeýär. Ýangyjy tygşytly ulanmagy bilen tapawutlanýan traktorda “AGCO Power” atly, göwrümi 4,4 litr bolan dört silindirli motor oturdylypdyr.
Tejen Tejenow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.