Kanada howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady täze kararlar aldy. Munuň üçin adaty ýangyçly ulaglaryň sanynyň azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde 2035-nji ýyla çenli adaty ýangyçly ulag satuwy dolulygyna ýatyrylar. Bu kararyň howanyň maýlamagynyň öňüni almak maksady bilen alnandygy bellenilýär. Demirgazyk polýusa ýakyn ýerleşýän ýurtda buzluk meýdan köp bolandygy sebäpli howanyň gyzmagy bu ýurda has köp täsir eder. Ýurtda 2050-nji ýyla çenli senagat we gatnawda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň dolulygyna aradan aýrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurtda elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagy üçin hem tagalla edilýär. Ýurduň çäginde elektroulaglara zarýad berýän 50 müňden gowrak bekediň gurulmagy üçin 400 million dollarlyk gazna dörediler. Şeýle hem elektroulaglaryň sarp edýän elektrik energiýasyny artdyrmak üçin durmuşa geçiriljek maksatnama üçin goşmaça 600 million dollar sarp ediler.
Kerwen Mekanow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby