3-nji aprelde Serbiýada Prezident we parlament saýlawlary geçirildi. Ýurduň Respublikan saýlaw komissiýasy býulletenleriň 44,5 göterimini sanandan soň, Serbiýanyň häzirki Prezidenti Aleksandar Wuçiçiň we Serbiýanyň dolandyryjy Ösüş partiýasynyň öňde barýandygy belli boldy.
Maglumatlara görä, Wuçiç Prezident saýlawlarynda 63,42 göterim ses bilen öňde barýar. Wuçiçiň ýakyn bäsdeşi Zdrawko Ponoş sesleriň 14,59 göterimi bilen ikinji orny eýeleýär.
Serbiýanyň lideri eýýäm öz ýeňşini yglan edip, Respublikanyň bitaraplyk statusyna eýerjekdigini mälim edip, Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagy wada berdi.
Serbiýanyň saýlaw komiteti ozal Mejlisde 250 orna dalaş edýän 19 sany syýasy partiýany we koalisiýany hasaba alandygyny habar beripdi. Olar mejlisiň täze çagyryşyna girmek üçin sesleriň üç göterim böwedinden geçmeli bolarar. Prezidentlige sekiz kandidat dalaş edip, olar bir ýa-da birnäçe saýlaw blogy tarapyndan goldanýar.