Ilkinji gezek üçüsi hem bir oýunda gol geçirdi

104
PSG's Lionel Messi, center, celebrates with his teammates Neymar, right, and Kylian Mbappe after scoring his side's fourth goal during the French League One soccer match between Paris Saint Germain and FC Lorient at Parc des Princes stadium in Paris, Sunday, April 3, 2022. (AP Photo/Michel Euler)

Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ öz meýdançasynda Loriýandan 5-1 üstün çykdy. Gollaryň 2-sini 28-nji we 67-nji minutda Kilian Mbappe geçirdi. Beýleki 3-sini hem onuň beren paslaryndan soň Neýmar (12, 90) bilen Messi (73) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, PSŽ-de ilkinji gezek üç super ýyldyz bir duşuşykda bilelikde gol geçirmegi başardylar. Duşuşygyň ýyldyzy bolsa 2 gol geçirip, 3 asist eden Mbappe boldy. Ol iň netijeli hüjümçileriň sanawynda Wissam Ben Ýedder bilen birinji orny paýlaşýarlar. Ikisiniň hem 18 goly bar.