Premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy partiýa “FIDES – Wengriýanyň raýat bileleşigi” 3-nji aprelde Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Saýlaw býulletenleriniň, takmynan, 100%-i sanalandan soň, Milli saýlaw topary FIDES we Hristian Demokratik Partiýasynyň sesleriň 53%-ini alandygyny we bir mandatly 88 saýlaw okrugynda ýeňiş gazanandygyny habar berdi.
Şeýlelikde, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban dördünji möhlete öz wezipesinde galýar we “Fides” we “Hristian Demokratik Halk Partiýasy” bileleşigi parlamentdäki ornuny berkitdi. Häkimiýet başyndaky bileleşik konstitusiýa köplügini saklap, öňki çagyryşdan iki orun artyk 199-dan 135 orna eýe bolar.
Bu saýlawlara “Wengriýa üçin bileleşik” diýlip atlandyrylýan alty sany partiýa bileleşik döretdi. Onuň lideri, Hodmezýowaşarheý şäheriniň häkimi aram konserwator Piter Marki-Zaý boldy. Bu bileleşik partiýalaryň sanawynda sesleriň bary-ýogy 35%-ini almagy 18 sany bir saýlaw okrugynda ýeňiş gazanmagy başardy. Bu oňa diňe 56 orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, öz ýeňşini Budapeştiň aram syýasaty bilen baglanyşdyryp, “Biz has uly bäsdeşlere garşy durmaly bolduk” diýip, belledi.
Jemgyýetçilik pikir soralyşyklaryň yzygiderli geçirilmegi bilen subut edilişi ýaly, soňky üç aýyň dowamynda “Fides-HDP” öňdeligi eýeläpdi. Şeýlelik bilen, geçen aýyň pikir soralyşyklarynda “Fides-HDP” takmynan 50%, “Wengriýa üçin bileleşigiň” 40% -den gowrak sese eýe bolupdy. Milli saýlaw topary bu saýlawlara 8,2 million saýlawçynyň ses bermäge hukugynyň bardygyny habar beripdi.
58 ýaşly Wiktor Orban Ýewropada giňden tanalýan syýasatçy bolup, ýurduň içinde hem meşhurdyr. Onuň tarapdarlary, uzak wagtlap dowam eden ykdysady durgunlykdan soň ýurdy özgerdendigini belleýärler. Öňki parlament saýlawlary Wengriýada 2018-nji ýylyň aprelinde geçirildi. Şondan soň, täze saýlanan parlament Wiktor Orbany Premýer-ministr saýlady. Wengriýa Merkezi Ýewropadaky döwlet bolup, ýurtda 10 million golaý adam ýaşaýar.