5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselesine garady. Hormatly Prezidentimiz M.Serdarowy maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekip, täze bellenen ministre birnäçe tabşyryklary, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de makroykdysady durnuklylygy saklamak üçin zerur çäreleri görmek boýunça görkezmeleri berdi. Pudaklarda önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny, meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, girdejileriň artdyrylmagyna, salgytlaryň öz wagtynda we doly tölenilmegine, býujet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, çykdajylaryň rejeli hem-de maksadalaýyk maliýeleşdirilmegine berk gözegçilik etmek babatda tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi we oňa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, kesp-kärine görä iş gözleýänler bilen iş berijileri utgaşdyrmak işlerini talabalaýyk ýola goýmak, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça sazlaşykly dolandyrmak üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de boş iş ýerleriniň hasabaty bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz D.Täşliýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi hem-de degişli resminama gol çekip, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna döwletiň tebigy, maliýe hem-de maddy serişdeleriniň ulanylyşynyň peýdalylygy we kanunylygy, dolandyrylyşynyň netijeliligi boýunça ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilýän meýilnamalaýyn seljerme işlerini dowam etmegiň, döwletiň maýa goýum we satyn alma taslamalary boýunça serişdeleriň netijeli harçlanylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz M.Hojagulyýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekip, ýurdumyzda öndürilýän hem-de sarp edilýän harytlaryň ýylsaýyn artýandygyny nazara alyp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine bu gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz D.Amanmuhammedowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekip, döwlet komitetiniň täze ýolbaşçysyna ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi, statistiki hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de bu işleri sanly ulgam arkaly guramagy we statistiki hasabatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T.Mälikowy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy, şeýle hem Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi hem-de degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny durnukly ösdürmek, maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, harytlaryň bahasyny durnukly saklamak hem-de daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra maslahat ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz B.Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekip, uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmagy, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmagy, şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi we degişli resminama gol çekip, döwlet konserniniň ýolbaşçysyna nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz M.Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekip, uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hem-de gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselelere geçdi. Döwlet Baştutanymyz G.Orunowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýdyp, şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň hem-de desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň, gurluşyklary zerur gurluşyk serişdeleri we enjamlar bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz B.Annamämmedowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi. Döwlet Baştutaymyz Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, bu işe döwletimiziň telekeçilerini işjeň çekmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilelikdäki döwrebap kärhanalary gurmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz H.Rejepmyradowy energetika ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi we degişli Permana gol çekip, bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany – Gün we ýel energiýasyny ulanmagy ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, yzygiderli artdyrmak babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz S.Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygynda ýokary hili gazanmak üçin önümçilige ylmy-tehniki innowasiýalary ornaşdyrmagyň, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz N.Nyýazlyýewi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekip, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de olary doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, käbir kärhanalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra maslahat söwda we dokma senagaty pudagynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen bagly mesele boýunça dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine O.Gurbannazarowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, söwda pudagynyň işini kämilleşdirmek, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli alyp barmak, söwda ulgamynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine R.Rejepowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmagy, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma önümleri bilen doly üpjün etmegi, egin-eşikleriň, deri önümleriniň we aýakgaplaryň görnüşlerini köpeltmegi esasy ugur hökmünde kesgitledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz B.Çaryýewi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini habar berdi hem-de degişli Permana gol çekip, bazar şertlerinde ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri geçirmegiň, birža söwdasyny guramakda ýerlenilýän harytlar boýunça baha emele getirmegiň netijeli usullaryny ornaşdyryp, haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek, lomaý söwdany ösdürmekde beýleki döwletler bilen netijeli daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen işleri alyp barmak, biržanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, türkmen milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we haly önümlerinde milli öwüşginleri saklap, täze nagyşlardyr göller bilen baýlaşdyrmak, el haly önümçiliginde gadymy milli göllerimizi dikeltmek, ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, häzirki ösen talaplara laýyk gelýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, çig mal üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra maslahat oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz A.Altyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de bu ugurda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmak babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz G.Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de ýurdumyzyň suw akabalarynda ýitgileri azaltmak maksady bilen, örtükli suwaryş akabalaryny we ýapyk turba görnüşli suw geçirijileri gurnamak, damjalaýyn usulda suwaryş enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeldip, täze howdanlary gurmak işlerini dowam etmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Berdiýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we degişli Permana gol çekip, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini, dürli at üstündäki oýunlary we bedewleriň halkara gözellik sergilerini geçirip durmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra maslahat ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz G.Ataýewany ýurdumyzyň bilim ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekip, bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurt dilleri, beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz N.Amannepesowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de ministre ylmy-barlag we bejeriş-öňüni alyş işlerini talabalaýyk alyp barmak, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we saglygy dikeltmegiň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynda sanly ulgamy ulanmak, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, beýleki abraýly halkara guramalar we ösen ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agamyradowy sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekip, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtap, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, A.Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we degişli Permana gol çekip, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de ýolbaşça teleradioýaýlymlaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini täzeçe guramak, gepleşikleriň hem-de filmleriň döwrebap usulda taýýarlanylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak we kinematografiýanyň işini gowulandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz A.Hudaýberdiýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, işiň ýokary hilini gazanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz M.Gazakbaýewi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekip, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini halkara maglumat giňişliginde beýan etmek, dünýäniň iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirleri, meşhur habar beriş ýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, täzelikleri we habarlary metbugat giňişliginde ýerleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmak babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, wezipä bellenen ýolbaşçylary gutlady hem-de olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.