Birleşen Milletler Guramasyna dünýäniň dürli ýerlerindäki daşky gurşaw boýunça hünärmenleriň iberen maglumatlaryna görä, arassa energiýany ulanmak arkaly ykdysady ösüşi gazanmak mümkin. Maglumata görä, 18 ýurtda energiýanyň arassa çeşmeleri ulanylypdyr we ösüş gazanylypdyr. Şeýle hem maglumatda bu ýurtlarda azyndan bir ýyldan bäri howa goýberilýän kömürturşy gazynyň azalandygy bellenildi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky Hökümetara paneli (IPCC) habar berýär. IPCC-niň taýýarlan maglumatynyň esasy awtory, Londonyň uniwersitet kollejiniň energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça professory Maýkl Grub howanyň hapalanmagynyň öňüni alyp, ykdysady ösüşi dowam etdiren ýurtlaryň köpdügini belleýär. Käbir ýurtlar diňe howa goýberilýän kömürturşy gazyny hasaplan bolsalar, käbiri ýyladyşhana gazlarynyň ählisini hasaba alypdyr. Şol sebäpli entek olary anyklamak üçin has köp maglumat gerek.
«Associated Press» habarlar gullugy bolsa, BMG-niň maksatnamasynyň degişli bolmadyk Global Uglerod Taslamasynyň maglumatlaryndan peýdalanyp, ýyllyk kömürturşy gazynyň howa zyňylmagyny 2010-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli ep-esli azaldan 19 ýurduň bardygyny mälim etdi.
Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.