Mongoliýa agaç ekmek boýunça «Milliard agaç» kampaniýasyna goldaw bermek maksady bilen gazna döretdi. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öz ýurdunyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine we çölleşmäge garşy göreşmek kararyna gelendigini we 2030-njy ýyla çenli azyndan 1 milliard agaç nahalyny ekmek boýunça tutuş ýurt boýunça milli kampaniýanyň resmi taýdan başlanandygyny habar beripdi.
Gaznanyň maksady tokaý döretmek, agaç nahallaryny ekmek we beýleki tebigaty goraýyş çäreleri üçin durnukly serişdeleri üpjün etmek maksady bilen gurluş we ulgam döretmekden ybarat. Mongol banklary assosiasiýasyna agza guramalaryň her ýylda, azyndan, 2 milliard mongol tugrikini – 679 müň dollary gazna bagyş etmegine garaşylýar. Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli bank pudagynda ýaşyl karzlaryň paýy 10 göterime çenli ýokarlanar.
Mongoliýanyň meýdany 1,564,116 inedördül kilometre deň bolup, bary-ýogy 7,9 göterimi tokaýlar bilen örtülendir. 2020-2024-nji ýyllar üçin hökümet meýilnamasy zeper ýeten tokaýlary dikeltmek we tokaý meýdanyny 8,6 göterime çenli ýokarlandyrmak ýaly birnäçe möhüm çäreleri öz içine alýar.