8-nji aprelde geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze toplumyň ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.
Balkan welaýatynyň häkimi welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşygynyň doly tamamlanandygyny we toplumyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýändigini aýdyp, dabaraly çäre mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem gurulýan durmuş maksatly binalaryň, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy tamamlanan köpugurly hassahananyň ähmiýeti barada aýdyp, täze toplumyň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek, meýilleşdirilen çäreleriň ýatda galyjy wakalara beslenmegini üpjün etmek babatda häkime hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.