“Quacquarelli Symonds” kompaniýasy dünýädäki iň gowy 1 müň 543 ýokary okuw mekdebiniň sanawyny taýýarlady. Sanaw taýýarlananda, akademiki abraýy, her fakultetdäki talyplarynyň sany, maglumatyň paýlaşylmagy, daşary ýurtly talyplarynyň sany ýaly ölçeglere üns berlipdir. Sanawda Massaçusetts tehnologiýa Instituty (MIT) birinji ýeri eýeläpdir. Kompaniýa bu sanawy 2004-nji ýyldan bäri taýýarlaýar. Ýeri gelende bellesek, şeýle reýtingi taýýarlaýan başga guramalar hem bar. Köplenç beýleki sanawlarda hem MIT öňdäki orunlary alýar. Sanawda ikinji ýeri Angliýanyň Oksford uniwersiteti alypdyr. Sanawyň ilkinji bäşliginde diňe iňlis we amerikan okuw mekdepleri bar. Üçünji ýeri Angliýanyň Kembrij uniwersiteti eýeläpdir. Dördünji orundaky Stenford uniwersiteti hem Kembrij bilen deň bal alypdyr. ABŞ-nyň Garward uniwersiteti bäşinji bolupdyr. Kaliforniýanyň Tehnologiýa instituty 6-njy, Londonyň Imperial kolleji 7-nji bolupdyr. Şweýsariýanyň Şwed Federal Tehnologiýa instituty sekizinji bolupdyr. Londonyň Kollej uniwersiteti 9-njy, Çikago uniwersiteti 10-njy orny eýeläpdir.
Nurýagdy Ýagdyýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby