Saud Arabystany bu ýyl bir million zyýaratçy haj parzyny berjaý etmeklerine rugsat ediljekdigini mälim etdi. Ýurduň Haj we umra ministrliginiň beýanatynda “Covid-19” pandemiýasy sebäpli zyýaratçylary ähli arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmeklerine üns beriljekdigi aýdyldy. Zyýaratçylaryň Suad Arabystandan gatnaşýanlary hem hasaba alanyňda bir million boljakdygy habar berildi. Daşary ýurtlardan geljek zyýaratçylaryň sany bolsa, her ýurduň paýyna düşýän sanyna görä kesgitlener. Şeýle hem mukaddes topraklara zyýarat etjekleriň 65 ýaşdan kiçi bolmalydygy bellenilýär. Şeýle hem “Covid-19” sanjymyny alan bolmagy talap ediler. Şeýle hem ýurda girjek her bir ýolagçydan soň 72 sagadyň dowamynda alnan PZR otrisatel testi soralar. Saud Arabystany 2020-nji we 2021-nji ýylda daşary ýurtly zyýaratçylary kabul etmändi.