Oraza aýynda dünýäniň dürli ýerlerinde musulmanlar agyz bekleýärler. Agyz beklemegiň wagty Günüň dogýan we ýaşýan wagtyna görä kesgitlenýär. Günüň uzynlygy Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde tapawutly bolýar. Mysal üçin, Demirgazyk polýusa ýakyn ýerlerde gün has uzyn bolýar. Şol sebäpli näçe demirgazyga golaýda has uzak, ekwatora golaýladygyňça azrak wagtlyk agyz beklenýär. Bilermenler 13-nji apreldäki Günüň dogýan we ýaşýan wagtlaryny hasaba alyp, agyz beklenýän wagty hasaplapdyrlar. Ýer ýüzüniň demirgazyga iň golaý ilatly nokatlarynyň biri bolan Russiýanyň Murmansk şäherinde selälik bilen agzaçaryň aralygy 19 sagat 5 minut.
Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikdäki musulmanlar bolsa, 18 sagat 20 minut agyz beklemeli. 330 müň ilaty bolan Islandiýada ýaşaýan musulmanlar ilatyň 0,5 göterimini emele getirýär. Argentina bolsa iň az agyz beklenilýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. Ýurtda agyz beklemegiň wagty 11 sagat 48 minut. Bu görkeziji Günorta Afrika Respublikasynda 12 sagat 20 minuta deň.