10-njy aprelde Fransiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda häzirki Prezidenti Emmanuel Makron öňde barýar. Bu barada Respublikanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Deslapky maglumatlara görä, býulletenleriň 95%-i sanalandan soň, Makron 27,41% sese eýe boldy.  Ondan soň 24,03% ses bilen Milli bileleşigiň dalaşgäri Marin Le Pen gelýär. “Ýanbermez Fransiýa” çepçi hereketiniň lideri Žan-Lýuk Melenşon 21,57% ses alyp, üçünji orunda gelýär.

Dördünji orunda “Reconquista” hereketiniň esaslandyryjysy Erik Zemmur (6,97%) bar. Beýleki dalaşgärleriňki 5%-den hem az. Fransiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 12 dalaşgär gatnaşdy. Ikinji tapgyr 24-nji aprelde geçiriler.