Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Polşa, Portugaliýa we Ispaniýa dünýä bazaryndaky durnuksyzlygyň fonunda nebit kompaniýalarynyň aşa uly girdejileri üçin ýörite salgyt salmak meselesini maslahatlaşmagy Ýewropa Bileleşiginden (ÝB) haýyş etdiler. “AFP” agentliginiň maglumatlaryna görä, bu ýurtlaryň maliýe ministrleri häzirki wagtda ÝB-de başlyklyk edýän Irlandiýanyň maliýe ministrine hat iberip, täze töleg baradaky meseläni birleşigiň maliýe ministrleriniň geljek aý Dublinde geçiriljek duşuşygynyň gün tertibine girizmegi teklip etdiler. Resminamanyň awtorlary nebit kompaniýalarynyň çig nebitiň bahalarynyň ösüşinden ep-esli öňe geçýän umumy peýdany alýandygyny belläp, artykmaç girdeji salgydynyň umumyýewropa ulgamy boýunça ýola goýulmagyny we 2022-nji ýylda girizilen wagtlaýyn salgyt tejribesine esaslanmagyny teklip edýärler. Şol bir wagtyň özünde, “Euronews” neşiri hatyň heniz doly ylalaşylmandygyny we çap edilen resminamanyň deslapky taslamadan ybaratdygyny habar berýär. Ýurtlaryň öz içinde-de bu meselä bolan garaýyşlar dürlüçe bolup, meselem, Germaniýada Sosial-demokratik partiýasy aşa uly girdeji salgydynyň girizilmegini goldasa, Kansler Fridrih Mers we onuň ýolbaşçylyk edýän «Hristian-demokratik birleşigi» partiýasy bu çärä garşy çykyş edýärler.
PDF








