BMW we MINI kompaniýalary önümçilikde arassa energiýadan we ozal ulanylýan materialdan peýdalanylyşyny artdyrmagy maksat edinýär. Bu iki brend 2024-nji ýyldan başlap, diňe arassa ýangyç çeşmelerinden peýdalanylyp öndürilen alýumin diskleri ulanar. Alternatiw energiýadan peýdalanylmagy alýuminiň eredilmeginde we guýulmagynda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny ep-esli azaldar. Şeýlelikde BMW her ýylda 500 müň tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni alar. BMW-niň ýolbaşçysy Joahim Post “ýaşyl” energiýanyň kömürturşy gazyny azaltmakda uly paýynyň boljakdygyny aýdýar. Alýumin gaýtadan işlemegiň aňsatdygy sebäpli daşky gurşaw üçin has peýdaly hasaplanýar. 2023-nji ýyldan başlap, “MINI Countryman” ulaglarynyň 70 göteriminiň diskleri ozal ulanylan materiallardan öndüriler. “BMW Group” kompaniýasyna degişli bolan brendler her ýylda 95 göterimi guýlan alýuminden emele gelen 10 million disk öndürýär.
Kakajan Myradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby