Dünýäde ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan TSMC (Taiwan Semiconductor Manufacturing Company) şu ýylyň birinji çärýeginde ýokary girdeji gazandy. Kompaniýa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 35,5 göterim köp girdeji gazanypdyr. Kompaniýanyň mart aýyndaky girdejisi fewral aýyna garanyňda 17 göterim ýokarlanyp, 171,97 milliard taiwan dollary bolupdyr. Şu ýylyň birinji çärýegindäki girdejisi bolsa 491 milliard taiwan dollaryndan gowrak bolupdyr.
Soňky ýyllarda elektron enjamlara islegiň ýokarlanmagy bilen ýarymgeçirijlere bolan isleg hem ýokarlanypdy. Awtoulag senagatynda hem ýarymgeçiriji ulanylyşynyň artmagy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolupdy. Şeýle bolansoň, beýleki kompaniýalar hem çip önümçiligini artdyrmak kararyna geldi.
Jahan Dänegulyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
.