11-nji aprelde Pakistanyň aşaky palatasy “Pakistanyň musulman ligasy” partiýasynyň başlygy Şehbaz Şerifi ýurduň 23-nji täze Premýer-ministri wezipesine saýlady. “Tehreek-e-Insaf” partiýasynyň dalaşgäri Şah Mahmud Kureşiden tapawutlylykda, Şehbaz Şerif 174 sese eýe boldy. Umuman alanyňda, aşaky palatada 342 mejlis agzasy bar.

Ýetmiş ýaşly Şehbaz Şerif ýurduň Premýer-ministri wezipesini üç gezek eýelän Nawaz Şerifiň kiçi doganydyr. Pakistanyň iň köp ilatly welaýaty bolan Penjabyň baş ministri hökmünde Şehbaz Şerif, dogduk şäheri Lahorda işe girizilen häzirki zaman jemgyýetçilik transport ulgamyny goşmak bilen birlikde birnäçe ägirt uly infrastruktura taslamasyny meýilleşdirdi we durmuşa geçirdi. Şeýle hem, Penjap welaýatynyň baş ministri hökmünde Pekin tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalarda Hytaý bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdi. Täze Premýer-ministr ABŞ bilen gowy gatnaşyklaryň Pakistan üçin möhümdigini aýtdy. Täze Premýer-ministriň kasam kabul ediş dabarasy duşenbe güni bolar.