ABŞ-nyň Senaty 51 ýaşly Ketanji Braun Jeksony Ýokary kazyýetiň kazysy wezipesini ýerine ýetirjek ilkinji afroamerikan zenandygyny mälim etdi. Onuň dalaşgärligine 53 kanun çykaryjy – ähli demokratlar we üç respublikaçy goldaw berdi. ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Braunyň bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we muny taryhy waka diýip atlandyrdy. Senatyň kararyny Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki hem goldap, “Prezidentiň ýurda beren wadasynyň ýerine ýetirilendigini” aýtdy.
Jozef Baýden 2020-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasynda ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň garaýagyz raýatyny Ýokary Kazyýete hödürlejekdigini söz beripdi.
Prezident fewral aýynyň ahyrynda Ketanji Jeksonyň dalaşgärligini hödürledi. Ol tomusda pensiýa çykjak 83 ýaşly Stiwen Braýeriň ýerine geçer. ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde dokuz kanunçy bar. 51 ýaşly Ketanji Braun Jekson Garwardyň hukuk fakultetini gutardy we 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri ABŞ-nyň Kolumbiýa sebitiniň arza-şikaýat kazyýetinde kazy bolup işleýär. Kazylar Senatyň razylygy bilen Prezident tarapyndan bellenilýär we öz wezipesini ömürlik dowam etdirýär.