Yrakda halkara arheologlar topary ýaşy 4 müň ýyla deň bolan gämini abat gazyp almagy başardylar. Bu gämi şumerleriň paýtagty bolan gadymy Uruk şäheriniň golaýyndan tapyldy. Alymlar topary onuň durkuna zeper ýetirmän gazyp almak üçin ýörite halas ediş işlerini geçirdiler.