12-nji aprelde ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň öz işine başlan sergisi 18-nji aprele çenli dowam eder.
Hususyýetçileriň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri mynasyp orun eýeleýär. Şeýle hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara üstaşyr ulag ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň şöhlelendirilýär. Şeýle-de şu günki sergä köpugurly internet we kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän işewürler hem gatnaşýar.