“Mercedes” kompaniýasy mundan ozal bir gezekki zarýady bilen 1000 kilometr ýol geçjek ulagy işläp taýýarlajakdygyny mälim edipdi. Kompaniýa “CES 2022” sergisiniň öň ýanynda “Vision EQXX” atly ulagyny tanyşdyrdy. Bu ulagyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen bir gezekki zarýady bilen iň uzak aralyga gidip bilýän elektrokar peýda bolar. Şeýlelikde owadan görnüşli bu sport ulagy “Porsche Taycan”, “Audi E-tron GT” we “Tesla Roadster” ýaly kaşaň ulaglar bilen bäsleşer. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä ulag 100 kilometr ýol geçende 10 kW/sagat energiýa sarp eder. Ýagny bir kW/sagat energiýa bilen 10 kilometr ýol geçer. Adaty ýangyç bilen deňeşdirilende bolsa, bu görkeziji 100 kilometrde 1 litr benzin ýakýar diýmegi aňladýar. Netijede, bu görkeziji häzirki bar bolan iň tygşytly ulagynyň bäşden biri ýaly ýangyç sarp eder. “Mercedes”-iň inženerleriniň aýtmaklaryna görä, 10kW/sagat energiýa kir guradyjy maşyny ýa-da serginledijini üç sagat ulanmaga ýetýär. Şäher içinde ýol dyknyşygynyň köp wagty geçirilen synagda bu ulag bir gezekki zarýady bilen 1008 kilometr ýol geçipdir. Kompaniýa ulagyň bir gezekki zarýady bilen uzak aralyga gitmegini gazanmak üçin uly batareýa oturtmagyň deregine, ulagyň energiýa geçiriji bölekleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, aerodinamikany gowlandyrmak we ýeňil materiallary ulanmak arkaly gazanypdyr. Ulag sport ulaglary bilen bäsleşýän hem bolsa, göwrümi SUV kategoriýasyna degişli hasap edilýär. Elektroulagyň agramy 1 müň 750 kilogram. Ulagyň batareýasynyň göwrüminiň sedan ulaglarynyňkynyň ýarysy, agramynyň 30 göterim ýeňildigi bellenilýär.

Ogulnabat Orazowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby