Dünýäniň ýedinji sungaty hasaplanýan kino sungatynda häzire çenli surata düşürilen filmleriň sanyny anyk bilmek mümkin däl. Her ýyl dünýäde 10 müň töweregi film surata düşürilýär diýlip çaklanylýar. Şolaryň arasynda dürli görnüşdäki, dürli temadaky filmleri bolup, olaryň käbirleri-de juda täsin, adaty bolmadyk kinolardyr. Ine, şol adaty bolmadyk kinolaryň ikisi.

Bir aýda tomaşa edip bolýar

Şwesiýaly režissýor Anders Webergiň “Ambiance” atly filmi täsin filmleriň hatarynda öňdäki orny eýeleýär. Filmiň surata düşüriliş işleri-de şol täsinlikden paýly bolup, bu ekran eseriniň dowamlygy 720 sagat. Hawa, hawa, 720 sagat. Filme tutuş tomaşa edip gutarmak üçin laýyk 30 gün gerek. Ýagny bir aýlap ýeriňden galman tomaşa edilse, filmiň soňy diýlen ýazga ýetmek bolýar. Filmiň treýleriniň (tanyşdyrylyş wideosy) dowamlylygy 72 minuta deň bolup, ilkinjisi 2014-nji ýylda görkezildi. 2-nji treýleri oňa görä, “az-owlak” uzynrak – 7 sagat 19 minut. Älemiň, wagtyň we mekanyň aňyrsyna geçýän surrealistik gezelenç baradaky filmiň 3-nji treýleri 72 sagat bolup, ol 2018-nji ýylda görkezilmelidi. Bu treýler bilen bir hatarda, filmiň özi hem 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ekranlara çykmalydy. Ýöne häzirlikçe ne 3-nji treýler, ne-de filmiň özi görkezildi. 2021-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda režissýor filmiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygyny buşlapdy. 43 müň 200 minutlap dowamlylygy bolan filmiň ýene bir aýratynlygy-da, görkezileninden soň hiç hili nusgasy alynman ol tutuşlygyna ýoklanar. Ähli babatda täsin bolan bu kinonyň haçan ekranlara çykjakdygy häzirlikçe belli däl. Film ekranlara çyksa, onda ol 35 gün, 17 sagatlap (51 müň 420 minut) dowam edýän başga bir şwed kinosy “Logistics” (2012) filminden soň iň uzyn 2-nji film bolar.

Bir maşgalanyň 12 ýyllyk durmuşy

Amerikan garaşsyz filmleriniň meşhur režissýory Riçard Linkleýteriň “Ýetginjeklik” (Boyhood, 2014) atly filmi surata düşüriliş usuly boýunça hemmäni geň galdyrýar. Režissýoryň bu filminde bir maşgalanyň 12 ýyllyk durmuşy öz beýanyny tapýar. 2000-nji ýylda surata düşürilip başlanan kino 12 ýyldan soň tamamlanýar. 2 ýyllyk önümçilik işlerinden soňam 2014-nji ýylda ekranlara çykan film festiwallaryň ençemesinden baýrakly dolanýar. Filmde howsala düşen maşgaladaky bir çaganyň ýetginjeklige, orta ýaşly ejäniň kämillik ýaşyna kynçylyklar bilen geçişi barada söhbet açylýar. Ol diňe bir fiziki geçiş bolman, eýsem, ruhy taýdan hem bir geçiş bolup, film Oskara-da dalaşgär görkezilýär.

(dowamy bar).