“Titanic” gämisi gurlan wagty dünýäniň iň uly bugly ýolagçy gämisidi. Emma kaşaň gäminiň ilkinji syýahaty pajygaly ýagdaýda Atlantik ummanynyň çuňluklarynda tamamlandy.
1909-njy ýylyň 31-nji martynda “RMS Titanic” atly gäminiň gurluşygyna başlanýar.
1911-nji ýylyň 31-nji maýynda gäminiň gabarasy suwa goýberilýär. Gämi doly tamamlanýança gurluşyk suwda duran gämide bir ýyla golaý dowam edýär. Şol ýylyň 2-nji aprelinde gämi ulanmaga doly taýýar bolýar.
Doly agramy 52 müň 310 tonna barabar bolan gämide hammam, suwa düşülýän howuz, kitaphana, tennis korty ýaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlemek üçin mümkinçilikler döredildipdi. Şeýle hem gämi şol döwrüň soňky tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilipdi.
Gämide 2 müň 224 ýolagçy bardy. 2 müň 435 ýolagçy orunlyk gäminiň 892 ekipažy bardy.
Uzynlygy 269 metre barabar bolan bugly gämi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Angliýanyň Soutgempton şäherinden Nýu-Ýorka tarap ýola çykýar. 15-nji aprelde aýsberge urup, suwa batýar.
Ortadan ikä bölünen gäminiň suwa gark bolmagy 2 sagat 40 minut dowam edýär.
1 müň 500-den gowrak adam heläk bolýar. Kömek soralyp habar ugradylan golaýdan geçip barýan “Carpathia” atly ýolagçy gämisi gaýyklardaky 705 adamy halas edýär.
Gämiden halas bolan iň kiçi ýolagçy 9 hepdelik bolan Millwina Din atly bäbejik eken. Ejesiniň aýtmagyna görä, Millwinany bir haltanyň içine salyp halas edipdir.
Millwina Din 2009-njy ýylda 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
“Titanic”-iň galyndylarynyň üstünden 73 ýyldan soňra – 1985-nji ýylda barylýar. Şahsy zatlar bilen bir hatarda köp zadyň abat saklanyp galan gämisi suwuň 3 müň 657 metr çuňlugynda tapylýar.
Gämi surata düşürilýär, alnan bölekler öwrenilýär. Zaýalanman galan zatlaryň köpüsi köpçülige görkezilýär.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde gäminiň galyndysynyň çüýräp barýandygy anyklandy. Äpet demir bölekleri poslap kiçelýän bolsa, gopan bölekleri suw akymy alyp gidýär.
Şeýle hem gämide deňiz jandarlarynyň ýaşamagy üçin ekoulgam emele gelipdir.