Hindistanda “Bollywood”-yň iki ýyldyzy, soňky ýyllaryň iki şöhratly artisti – aktýor Ranbir Kapur (39 ýaş) bilen aktrisa Alia Batt (29) durmuş gurdy. Iki ýyldyzyň toýy Mumbaýda bolup geçdi. Toý hindi däp-dessurlary esasynda guralyp, oňa iki çatynjanyň dogan-garyndaşlary, ýakyn dostlary, käbir artistler çagyryldy. Iki artist hem toýlaryndan käbir suratlary özleriniň sosial media hasaplary arkaly owadan-owadan sözler bilen paýlaşdylar. Täze durmuş guran çatynjalaryň toýlaryny “Bollywood”-yň beýleki ýyldyzlary-da mähirli gutlap, olara şowlulyklar arzuw etdiler.

“Bollywood”-yň iki eý görülýän jübüti şu wagta çenli bir filmde surata düşmändiler. Olaryň bilelikde surata düşen ilkinji filmi “Brahmastra” atly fantastik başdan geçirme kinosy bolup, ol şu ýylyň sentýabr aýynda ekranlara çykar. Aýan Mukerjiniň režissýorlyk Karan Johar prodýuserlik eden filminde “Bollywood”-yň ägirdi Amitabh Baççan, şol sanda Mouni Roý, Nagarjuna Akkineni ýaly artistler hem surata düşdi.

“Bollywood”-daky Kapurlar maşgalasynyň iň belli wekili Raj Kapuryň ogly Rişi Kapuryň ogly, başgaça aýdylanda, Raj Kapuryň agtygy bolan Ranbir Kapur 1982-nji ýylda Mumbaýda dünýä inýär. Ranbir Kapur “Meniň söýgim” (Saawariýa), “Oýan sid” (Wake up Sid), “Täsin söýginiň gülküli hekaýasy” (Ajab Prem Ki Ghazab Kahani), “Roketa Sinh: ýylyň satyjysy” (Rocket Singh: Salesman of the Year), “Syýasylar” (Raajneeti), “Rok ýyldyzy” (Rockstar), “Barfi” (Barfi!) “Diwana ýaşlar” (Yeh Jawaani Hai Deewani), “Tomaşa” (Tamasha), “Ejir çekýän ýürek” (Ae Dil Hai Mushkil), “Sanju” (Sanju) ýaly ilhalar filmlerde surata düşdi.

1993-nji ýylda Londonda dünýä inen Alia Batt (Alia Bhatt) 2012-nji ýyldaky “Ýylyň talyby” (Student of the Year) filmi bilen şöhrat gazanýar. Çagalyk ýyllarynda-da bir filmde kiçeňräk keşbi janlandyran owadan aktrisanyň “Iki döwlet” (2 States), “Kapur we ogullary” (Kapoor and Sons), “Gadyrdan durmuş” (Dear Zindagi), “Badrinatly gelin” (Badrinath Ki Dulhania), “Razy” (Raazi), “Gulli Boý” (Gully Boy), “Utanç” (Kalank), “Ýol 2” (Sadak 2) we uly gowur turuzan “Gangubai Katiawadi” (Gangubai Kathiawadi) filmlerini agzamak bolar. Tutuş dünýäde-de tanalýan Alia Batt “Bollywood”-yň soňky ýyllardaky iň esasy aktrisalarynyň biri hasaplanýar. Ol meşhur režissýor Maheş Battyň gyzydyr.