Golaýda botanikler meýdan gözleglerini geçirenlerinde Ekwadoryň günbataryndaky ýitip gidendigi hasaplanýan “Gasteranthus” atly ýabany gülüň üstünden bardylar. Bu ösümlige 40 ýyla golaý wagt bäri duşulman eken. Biologlar ösümligi And daglarynyň etegindäki tokaýlarda tapypdyrlar.

«PhytoKeys» žurnalynda çap edilen makalada mämişi gül açýan bu ösümlik diňe Ekwadoryň tokaýlarynda gabat ösýän eken. Güle iň soňky gezek 1985-nji ýylda gabat gelnipdi we resmi bellige alnypdy. Çikagodaky Tebigat muzeýiniň gözlegçisi Dawson Waýt bu ösümligi «ýok bolup barýan ösümlik» hasaplamalydygyny berdiler.

Waýtyň pikiriçe, indi onuň bardygy anyklanan hem bolsa, ýabany ösümlik henizem howp astynda. Adamlar kakao noýbasy we banan ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin agaçlary kesýärler.

Jeren MUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.