Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, häzire çenli dünýäde 16 million elektroulag satylypdyr. Bu ulaglaryň sarp edýän energiýasy bolsa Irlandiýa Respublikasynyňky bilen deňeçer. Deňeşdirmek üçin, Irlandiýanyň bäş milliondan gowrak ilaty bar. Bilermenler elektroulaglaryň, esasan, şäher ýerlerinde howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam etjekdigini belleýärler. Elektroulaglaryň sanynyň artmagy bolsa, energiýa bolan zerurlygy hem artdyrýar. 2012-nji ýylyň dowamynda bary-ýogy 130 müň elektoulag öndürilipdir. Geçen ýyl bolsa şeýle mukdardaky ulag bary-ýogy bir hepdede satylypdyr. Dünýädäki ähli eletroulaglara zarýad bermek üçin sarp edilýän energiýanyň mukdary bolsa 30 terawat/sagada ýetipdir.
Geçen ýyl elektroulag satuwynda 936 müň görkeziji bilen “Tesla” birinji bolupdyr. Diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän kompaniýa ABŞ-da 352 müň, Hytaýda 321 müň we Ýewropada 170 müň ulag satypdyr.
Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy bolsa 763 müň ulag ýerläpdir. Hytaýyň BYD kompaniýasy 598 müň, amerikan “General Motors”, 517 müň we “Stellantis” toparyna degişli brendler 385 müň elektroulag satypdyr. Maglumatlardan görnüşi ýaly, köp ýyldan bäri adaty ýangyç bilen işleýän ulaglary öndürýän kompaniýalar hem elektroulag önümçiligini artdyrýar.
Mylaýym Agylowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby