16-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşygy açyp, Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan derwaýys çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi.
Mejlisiň barşynda Pudagara toparynyň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat diňlenildi we geljek döwür üçin işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Çärä gatnaşyjylar özara hereketleriň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ulgamynyň giňeldilmegi boýunça abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen birlikde, bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada jikme-jik maglumatlary berdiler.
Toparyň 2022-nji ýyl üçin Iş Meýilnamasyna seredildi we onuň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerur taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Üstümizdäki ýyl üçin kesgitlenilen meýilnamalaryň ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegi babatynda döwletiň işiniň özenini düzýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ilerledilmegine gönükdirilendigi bellenildi.
Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň halkara hyzmatdaşlary bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary babatynda hem pikirler alyşyldy.
Çykyşlarda Pudagara toparynyň ilatyň hukuk biliminiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tematiki neşirleriň çap edilmegi arkaly raýatlaryň degişli maglumatlara elýeterliliginiň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi beýan edildi.