Ispaniýanyň çempionaty La Ligada sanawyň lideri Real Madrid myhmançylykda Sewilýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda Sewilýa Rakitiç hem-de Lamelanyň gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik Ançelottiniň şägirtleri 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezip, ýeňiş gazanmagy başardy. 50-nji minutda Rodrigo Realy umytlandyrsa, 82-nji minutda Naço Fernandes hasaby deňledi. 90+2-nji minutda-da soňky oýunlaryň gahrymany Karim Benzema ýeňiş goluny geçirdi. Şeýlelikde, Real Madrid 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionlyk ýolunda uly päsgelçiligi säwliksiz geçmegi başardy. Real Madrid çempionatda soňky 8 oýunda 7-nji gezek ýeňiş gazandy. Benzema bolsa şu möwsümde La Ligadaky 25-nji goluny geçirip, bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. Fransiýaly hüjümçi şu möwsümde umumylykda Realyň düzüminde 39 oýunda 39 gol geçirdi. Ol Realyň düzüminde umumylykda 212-nji goluny geçirdi we bu ugurda Alfredo Di Stefanodan öňe saýlandy. Benzemadan öňde Raul bilen Kristiano Ronaldo bar.