Fransiýada geçiriljek Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna sanlyja gün galdy. Dalaşgärleriň ikisi-de Respublikanyň häzirki Prezidenti Emmanuel Makron hem-de aşa sagçy Milli bileleşigiň başlygy Marin Le Pen saýlawlaryň soňky tapgyrynyň öňüsyrasynda durlar. Şu günki günde 24-nji aprelde geçiriljek syýasy çärede saýlawçylaryň 53-den 55,5%-e çenlisi Emmanuel Makrona, 44,5%-den 47%-e çenlisi bolsa, Marin Le Pene ses bermäge taýyndygy belli boldy.
Fransuz saýlawçylarynyň aglabasyny esasan, ýurduň ykdysady hal-ýagdaýy hem-de howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda dalaşgärleriň haýsy çäreleri amala aşyrmakçy bolýandyklary gyzyklandyrýar.
-Men hiç haçan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine şübheli garamadym, maksatnamalarymyň esasy bölegi hem daşky gurşawy we ekologiýany goramaga gönükdirilen – diýip, Marine Le Pen tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda belledi.
Emmanuel Makron Marsel şäherinde guralan saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnanyşykda daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi meselesi barada giňişleýin çykyşynda şeýle diýdi:
-Biz biodürlüligi goramagyň hötdesinden geldik, öňümizdäki bäş ýylda bolsa, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 12%-e çenli azaltmak üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Biz bu meselelerde geçen döwürlerden has çynlakaý ösüş gazandyk.
Ümsümlik gününden öň dalaşgärleriň her birisi iki sany saýlawlardan öňki ýygnagyny geçirer.