ABŞ-nyň «Time» žurnaly ýylyň iň abraýly 100 kompaniýasynyň sanawyny mälim etdi. Oňa saglygy goraýyş, güýmenje, tehnologiýa we başgalar ýaly ugurlarda işleýän guramalar girdi. Neşir dürli ugurlarda iş alyp barýan hünärmenlerden iň möhüm işewür kompaniýalary saýlamagy haýyş etdi. Olara dünýä ýetirýän täsiri, täzelikçilligi hem-de gazanýan üstünlikleri ýaly birnäçe ugurlar boýunça baha berildi.
Netijede 100 kompaniýa bellige alnyp, olar «Pionerler», «Titanlar», «Liderler», «Täzelikçiler» we «Böwsüp geçijiler» ýaly toparlara bölündiler. Mediýa kompaniýasy «Kaling International» (aktrisa Mindy Kalingiň eýeçiliginde), NFT-platformasy «Opensea» we kosmos syýahatçylyk kompaniýasy «Axiom Space» birinji kategoriýa girdi.
Titanlaryň arasynda «Amazon», «Pfizer», «Alphabet», «United Airlines», «Maersk», «Ford», «Meta*», «Microsoft», «Apple», «Walmart», «Nvidia», «Disney» we «Netflix» bar. Liderleriň sanawynda bolsa «Hybe» (BTS toparynyň eýeçiliginde), «Spotify», «Airbnb», «Alaska Airlines», «Sony», «Balenciaga», «Reddit», «Revolut» we «Sotheby’s» ýaly ses ýazgy edýän kompaniýalar bar.
Täzelikçiler toparynda bolsa, «Moderna», «Grammarly» taslamasy, zenanlaryň onlaýn-jemgyýeti «Peanut» we ösümlik esasly süýt önümçiligi kompaniýasy «Perfect Day» bar.
«Engine No.1», «TikTok», AMC kinoteatr zynjyry, onlaýn satyjy «Sheyn» we programma üpjünçisi «NSO Group» ýylyň esasy «böwsüp geçijileri» hökmünde ykrar edildi.