«Forbes» žurnaly 2022-nji ýylyň iň ýaş milliarderleriniň gazançlaryny mälim etdi. Olaryň umumy baýlygy 25,8 milliard dollara barabar boldy. 30 ýaşdan kiçi milliarderleriň sanawynda 12 adam bolup, olaryň arasynda özbaşdak gazanç eden täze milliarderler hem göze ilýär. Şeýlelikde, sanawyň başyny Sem Benkman-Frid bilen bilelikde FTX kriptowalýuta biržasyny esaslandyran 29 ýaşly amerikaly Geri Wan (5,9 milliard) çekdi. Bu birža 2019-njy ýyldan bäri işläp, onuň gündelik tranzaksiýasynyň mukdary 15 milliard dollara ýetýär.
Sanawyň ikinji ornuny «Bolt» onlaýn tölegi üçin serwis döretmek maksady bilen Stenford uniwersitetini terk eden 27 ýaşly Raýan Breslou eýeledi. Onuň baýlygynyň 2 milliard dollara deňdigi çak edilýär. Bu sanawyň üçünji ornuny her birisi 1,5 milliard dollara eýe bolan Pedro Françeski we Enrike Duburgas eýeleýär. Olar häzirki wagtda bahasy 12,3 milliard dollara deň bolan «Brex» atly kredit kartoçkasyny çykarmak bilen meşgullanýan kompaniýany işe girizdiler.
12 milliarderiň bäşisi öz emlägini miras aldy, ýedisi özbaşdak biznesi ösdürdiler. 30 ýaşdan kiçi milliarderleriň geçen ýylky sanawynda 10 adam bolup, olaryň umumy baýlygy 2022-nji ýyldaky toparyň baýlygyndan 3,7 milliard dollar köpdi. «Forbesiň» dünýäniň iň baý adamlarynyň umumy sanawynda ilkinji gezek «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask birinji orny eýeläp, onuň baýlygy 219 milliard dollara ýetdi.