Häzirki 2021-2022-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlandy) Hindistanyň smartfon eksporty öňki ýyl bilen deňeşdirilende 85% ýokarlandy we 5,6 milliard dollardan geçdi. Bu barada Hindistanyň öýjükli aragatnaşyk serişdelerini we elektron harytlaryny öndürijileriň assosiasiýasy (ICEA) habar berdi.
– Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, şol sanda mikroshemalaryň we ýarym geçirijileriň üpjünçilik zynjyryndaky düýpli kynçylyklara garamazdan, eksportuň uly ösüşi gazanylýar – diýip, assosiasiýanyň ýolbaşçysy Pankaj Mahindru belleýär.
– Mundan ozal, Hindistan özüniň smartfon eksportyny Günorta Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna gönükdirýärdi. Häzirki wagtda bu önümleriň üpjünçiligi üçin günbatar ýurtlarynyň we Aziýanyň uly döwletleriniň bazarlary ileri tutulýar. Smartfon eksportynyň ösüşi Hindistanyň daşary ýurtlara çig mal harytlaryny satmakdan, ösen senagat pudaklary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologik önümleriň üpjünçiligine kem-kemden geçýändigini görkezýär – diýip, Mahindru belledi.
Hindistan smartfon çykarmak boýunça önümçilik bazasyny ýokarlandyrmak üçin «Samsung», «Foxconn» we «Pegatron» ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.