Ýarymgeçiriji öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan TSMC 2025-nji ýyldan başlap 2 nanometrlik (nm) çip öndürip başlajakdyklaryny mälim etdi. “Apple”, “Nvidia” we AMD ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny ýarymgeçirjiler bilen üpjün edýän kompaniýa bu ugurda täzeçil tehnologiýalary hem kämilleşdirýär. Kompaniýa ilkinji 3 nm çip önümçiligini şu ýylyň ahyrynda ola goýar. “Goldman Sachs” atly seljeriş-maslahat beriş şereketiniň habarçysynyň sowallaryna jogap beren TSMC-iň ýolbaşçysy Sisi Weý bu tehnologiýanyň müşderileriniň artmagy üçin tehnologiýany kämilleşdirmeklerini dowam etdirjekdiklerini we synag maksatly önümçiligiň 2024-nji ýylda ýola goýuljakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda köp mukdarda 7 nm çipler ulanylýar. 5 nm çipler bolsa geçen ýyl ulanylyp başlandy. Şeýle-de bolsa, 5 nm çipler käbir kompaniýalaryň ýokary derejeli mobil enjamlarynda ulanylýar. 3 nm çipleriň geljek ýyl peýda bolmagyna garaşylýar.
Ogulbagt Akmyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby