«Exxon Mobil» korporasiýasy kömürturşy gazyny ýygnap, ýer astynda saklamak üçin 2050-nji ýyla çenli 4 trillion dollarlyk bazaryň boljakdygyny çaklaýar. Bu bolsa, ABŞ-nyň iň uly çig nebit öndürijisiniň 6,5 trillion dollarlyk bazarynyň, takmynan, 60%-ine deňdir.
Halkara Energetika Guramasynyň (IEA) maglumatyna görä, uglerod almak zyňyndylary azaltmagyň möhüm tehnologiýasydyr. Hut şu maksat bilen, kömürturşy gazyny ýangyjyň ýanmagyndan ýa-da önümçilik proseslerinden almak, gämi ýa-da turbageçiriji arkaly daşamak, geologik gurluşlarda ýer astynda saklamak ýa-da önüm döretmek üçin serişde hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Uly nebit kompaniýalary uglerodyň tutulmagyny we saklanylmagyny girdeji getirýän pudak hökmünde peýdalanmak üçin maýa goýýarlar.
ABŞ-nyň nebit öndürijisi «Occidental Petroleum» howadan kömürturşy gazyny almak boýunça dünýädäki iň uly taslamany işläp düzmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda howadaky kömürturşy gazyny alýan käbir desgalar hereket edýär.
Sapargeldi MOMMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.