Türkmeniň ýedi hazynasynyň biri bolan, türkmen halkyny dünýä tanadan gamyş gulak bedewler öz gözbaşyny müňýyllyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň Milli guwanjydyr.
At ynsanyň syrdaşy. Aty bar adamyň mydama dosty ýanynda ýalydyr. Türkmeniň geçmişinden söz açýan eserlerinde-de, dessurlarynda-da bedew atlar hakynda gürrüň edilýär. At eýesine wepaly jandar bolup, ol ony ähli kynçylyklardan alyp çykmagy başarýar. Ahal-teke atlary, bütin dünýäde tanalýan arassa tohumdandyr.
Gadymdan bäri türkmeniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedewlerimiz bu günki Bagtyýarlyk döwrümizde toýlarymyzyň bezegine, sagdyn durmuşyň nurana nyşanyna, ösüşlere barýan ýurdumyzyň belent depgininiň, onuň belent ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň geçmişde aýdan bir dana sözi bar: “Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy”. Bu ýöne ýere aýdylan söz däldir, öz mähriban, kybla ähiňden soň atyňa şeýle hormat goýmaklyk türkmeniň söweş güni wepadar ýoldaşy bolan atyna goýlan belent sarpasydyr.
Türkmen ýigitleri bedew atyny diňe söýmek bilen çäklenmän ony goramagy, bezemegi hem başarypdyr. “Ýigide maly (aty) döwlet getirer bolsa, gelin-gyza haly” diýen parasatly garaýyşdan ugur alan pederlerimiz aty döwlet hasaplapdyrlar. Gelin-gyzlarymyz bedew atlar üçin ýörite halydan, onda-da inçejik ýüpege ýüwürdilen halylardan köýnekçe, güpjek, gursakça, eýerlik, boýunbag bilen birlikde ata bökderilip urulýan owadan at horjunlaryny, dürli at torbalaryny dokapdyrlar. Eýer atyň sagrysyny ýara etmez ýaly, galyň gyrkylyp dokalan gursakçalary taýýarlapdyrlar. Eýeriň üstünden bolsa inçe egrilip, syk dokalan eýerlik ýapylypdyr. Ýol harajaty üçin gerek bolan goşlary salmaga niýetlenen horjunlara mahmal ýaly ýumşak derlikler dokalyp salnypdyr. “Derlik” uzak aralykda çapylyp, derläp gelen ata geýdirilipdir we ol atyň heniz ýel çalmanka, oňa bir zelel ýetmänkä çalt guramagyna ýardam edipdir. Keçäniň berk bolmagy üçin onuň basymyny ýetirseler, owadan bolmagy üçin olaryň ýüzlerini dürli keşdeler bilen keşdeläpdirler. Inçe hem iňňän syk edilip, kakmadan at torbalaryny dokapdyrlar.
Atyň üstüne atmak üçin ýörite “at içirgisi”, “at köýnekçe” ýaly haly we palas önümleri dokalypdyr. Ol iki gapdaly atyň boýnuna ýeter ýaly uzynrak edilip dokalypdyr. Onuň nagyşlary zolak görnüşinde edilip “at köýnekçe” nagyşy bilen bezelipdir. “At köýnekçe” nagşy türkmenleriň egin-eşigini bezemek üçin hem ulanylypdyr, aýratyn hem türkmenleriň agyr gyňajynda gabat gelýär. Bu haly önümi Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda “at köýnekçe” diýilip atlandyrylsa, Günbatar we Demirgazyk türkmenlerde “at içirgisi” diýlip atlandyrylýar.
Türkmen zenanlary atyň eýeriniň üstüne atylar ýaly “at eýerligini” dokapdyrlar, oňa her hili nagyşlary “guşly göl”, “kejebe”, “salyr göl”, we şuňa meňzeş her welaýatyň özüne mahsus göllerini salypdyrlar we daşyna gyzyl we gara ýüňden seçek aýlapdyrlar. Eýerligiň ýokary tarapyndan eýeriň gaşyndan geçer ýaly edip dilik goýup töweregini pugtama bilen bezäpdirler.
Atyň üstüne atmak üçin eýerligi ak ýüňden, ýüzi nagyşly at keçe taýýarlapdyrlar. Muzeýiň gaznahanasynda ХIХ asyryň ortalarynda taýýarlanylan iki sany at keçe saklanylýar. Olaryň iki gapdalyna berklik üçin bölek gön tutulypdyr.
At çapyşyga goýberilenden soň, onuň şemal kakyp üşemezligi üçin ýörite garamtyl ýüňden “at basryk” taýýarlapdyrlar. “At basryk” has uly bolup atyň üstüni tutuş ýapypdyr. “At basrygyň” ýüzi ildirme usulynda dürli sapaklar bilen göz degmezlik üçin ýörite uly goçaklar, alaja görnüşinde salnypdyr. Şonuň iki gapdalyna hem berklik üçin gönden bölek tutulypdyr. “At basrygy” atyň üstüne berkitmek üçin örülen ýüpler “gaz aýak” usulynda berkidilipdir. Muzeýiň gaznasynda saklanylýan “at basrygyň” ikisi hem Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna degişlidir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bulardan başgada atyň bezeg şaýlary hem bar. Olar muzeýimiziň Etnografiýa bölüminiň hemişelik sergisinde, şeýle-de gymmat bahaly eksponatlaryň gaznasynda saklanýar. Olara uýan, göwüsbent, boýunluk, gözlük, gamçy, alagaýyş ýaly esbaplar degişlidir. Bu bezegler ussat kümüşçi ussalar, zergärler tarapyndan örän kämil ýasalypdyr. At şaý esbaplaryny ýasamak üçin altyn, kümüş, demir, gön, emeli mata önümleri zerur bolupdyr. Şol bezegleriň ussatlyk bilen ýasalyşyna seredeniňde türkmeniň bedew atyny näderejede eý görendigini görmek bolýar.
Türkmen halky gadymdan bäri at esbaplary bilen bagly däp-dessurlary, yrym-ynançlary ýöredip gelipdir. Mysal üçin atyň nalyny gapynyň daş ýüzünde asyp goýmak bilen, öýe döwlet, rysgal getirmek, bela-beterden goramak ýaly ynançlary bolupdyr. Çaganyň aýagy gyşyk ösýän bolsa ata mündürip bejermek, çaga has kiçi bolsa “at köýnekçäni” togalak et çapylýan agajyň üstüne atyp çagany iki gapdala aýagyny sallap oturmak däpleri bolupdyr. Ýa – da geline baş salynanda oturan ýerine “at köýnekçäni” düşäp, kellesine hem atyň jylawyny salyp öýlenýän ýigidiň eline berip çekdiripdirler. Bu bolsa täze gelinde at wepalylygy adamsyna boýun bolmaklygy aňladypdyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy ady bilen geçýän döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk toplumlarynyň hereket etmegi, her ýylda bedew gününiň baýramçylygynyň geçirilmegi bedew atlara goýulýan sarpanyň beýikdigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen 2009-njy ýyldan başlap türkmen bedewiniň gözellik bäsleşiginiň yglan edilmegi, atçapyşyklaryň, milli atly sport ýaryşlarynyň guralmagy, “Ýylyň iň owadan ahalteke aty” ýaryşynyň geçirilmegi bularyň ählisi türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütin dünýä ýaýmakda we biziň behişdi bedewlerimize söýgi döretmekdäki uly aladalardyr.
Akbike Jumaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni