Häzirki wagtda käbir awiakompaniýalar ýolagçylaryna internet hyzmatyny hödürleýärler. Munuň üçin adatça, Ýer ýüzündäki aragatnaşyk beketlerinden peýdalanylýar. “Delta” awiakompaniýasy bolsa, ýolagçylaryna “SpaceX” kompaniýasynyň kosmosdan Ýeri internet bilen üpjün etmek maksady bilen uçurylan “Starlink” emeli hemralary arkaly internet hyzmatynyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ed Bastiýan geljekde emeli hemralar arkaly uçar ýolagçylaryna geçirijisiz interneti üpjün etmek üçin synag geçirýändiklerini aýtdy. Geçen ýyl “SpaceX”-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan Jonatan Hofeller uçar ýolagçylaryna internet hödürlemek üçin birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşikleriň geçirilýändigini mälim edipdi.
“SpaceX”-iň ýolbaşçysy Ilon Mask, ilkinji nobatda, bu hyzmatyň “Boeing 737” we “Airbus A320” uçarlarynda ýola goýulmagy üçin tagalla ediljekdigini aýdypdy.
Häzirki wagtda “Delta” 300 töweregi uçarynda ýolagçylaryna “Viasat” şereketiniň internet hyzmatyny hödürleýär. .
Aýmelek Ýegenmyradowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby