Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 310 müň 48 ulag satyp, rekord derejede girdeji gazandy. Şeýlelikde, kompaniýanyň peýdasy 3,7 milliard dollar boldy. Bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 255 göterim ýokary bolandygy habar berildi. “Tesla”-nyň arassa peýdasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 1,1 milliard dollar bolan eken.

Elektroulag öndürijisiniň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 0,93 dollar bolan her bir paýnamasy häzirki wagtda 3,22 dollara ýetipdir.

Kompaniýanyň ABŞ-dan başga Hytaýyň Şanhaý şäherinde hem zawody bar. Mundan başga-da kompaniýa golaýda Germaniýadaky täze zawodyny işe girizipdi.

Maksat Berdimyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby