“Toyota” kompaniýasynyň has ýokary hilli brendi bolan “Lexus”-yň täze elektroulagy tanyşdyryldy. “Lexus RZ 450e” atly ulag “Toyota bZ4X” we “Subaru Solterra” ulaglarynda ulanylan “e-TNGA” atly bilelikdäki taýýarlanan platformanyň esasynda gurlupdyr. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “Lexus RZ 450e” täsin dizaýny we aňrybaş rahatlygy bilen tapawutlanýar. Ulagyň uzynlygy 4805 millimetre, ini 1895 millimetre, beýikligi 1635 millimetre deň. Ulagyň içki dizaýnynda ösen multimediýa ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Ulag iki sany hereketlendirijisi bolup, dört tigri birwagtda aýlanýar. Hereketlendirijiniň biri öň tarapda ýerleşdirilip, kuwwaty 204 at güýjüne barabar. Yzky motoryň kuwwaty 109 at güýjüne deň. Netijede, ulagyň kuwwaty 313 at güýjüne ýetýär. Ulag 0-100 km/sagat tizlige 5,6 sekuntda ýetýär. Elektroulagyň ýokary tizligi 160 km/sagada deň. Bahasy entek mälim edilmedik ulagyň geljek ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Kuwwat Haklyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby